Stratejik
yönetim
ve satış

Tehnologiýa kompaniýalary üçin amatly ösüş we kämilleşiş strategiýalary, medeniýetara innowasion akademiki çemeleşmä esaslanýan işewür hyzmatdaşlygy.

Şweýsariýada iş Işewürligi ösdürmek
EmTech Dawosda Maýa goýum kluby

Yerleşmek, büyümek
ve genişletmek

Yerleşmek, büyümek
ve genişletmek

Görüş

Köp talap edilýän uly göwrümli iň täze tehnologiýalary (EmTech) iş proseslerine we durmuşa geçirmek.

Missiýa

Käwagt başga bir medeniýete düşünmek gaty kyn, täze tehnologiýa düşünmek hasam çylşyrymly. Keşpler (imagologiýa) ylmy arkaly medeniýetleriň gapma-garşylygyny ýeňmäge kömek edýäris, tehnologiki barlagymyz innowasion pikirleri düşünmäge we kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Maksatlar

Ýewropanyň merkezinde bolmak bilen, biz Şweýsariýa döwlet goldawynyň innowasiýalaryny we täjirçiligini bütin dünýäniň eşreti üçin peýdalanýarys. Şweýsariýada biznes gurmak we ösdürmek diňe birinji ädim hasap edilip bilner.  Beýleki ýurtlarda innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde biz ösen jemgyýetçilik ylymlaryna we sebitlerde hyzmatdaşlyklara daýanýarys.  Halkara hyzmatdaşlyk we giň gerimli durmuşa geçirmeklik tehnologiýalary ýokary derejede ulanmaklyga getirýändigine ynanýarys. Şol sebäpli biz her ýyl Dawosda (Şweýsariýa) EmTech konferensiýalaryny geçirýäris we Maýa goýum öýüni esaslandyrdyk.

Business in Switzerland

Şweýsariýada iş

Işiňiz üçin täze jaý hökmünde Şweýsariýany saýlaň. Pikiriňiz bar bolsa, strategiki we dolandyryş meýilnamasyny durmuşa geçirmekde size aşakdaky ugurlar boýunça kömek ederis: kompaniýany döretmek, hukuk we buhgalteriýa goldawy, Şweýsariýa we Ýewropa bazarlarynda ösüş, marketing strategiýalaryny we ýerleşmekligi, hyzmatdaşlyk we maýa goýumlaryny.

Business development

Işewürligi
ösdürmek

Halkyň medeniýetine düşünmek täze bazara girmek üçin esas bolup durýar. Biz dersara we jemgyýetçilik ylymlaryna daýanyp, işewür hyzmatdaşlyga akademiki çemeleşmäni esaslaryny ulanýarys. Ýerleşiş we EmTech satuwy tejribämiz bilen utgaşyp bize özboluşly kämillik berýär.  Biz ýerleşän ýerimizi iş (biznes) üçin hem, sarp ediji segment üçin hem siziň pikiriňiz düşnükli bolar ýaly we müşderler aňsatlyk bilen uýgunlaşar ýaly, hem önümiňiz ýakymly bolar ýaly edip gurnaýarys.

EmTech IM in Davos

EmTech
Dawosda

Şweýsariýa daglarynyň gerşinde iň gyzgyn maýa goýum taglymatlary. Maýa goýum we işewürligi ösdürmekde uly tejribesi bolan biziň toparymyz her ýylda geçirilýän EmTech maýa goýum konferensiýasyny döretdi (2019, 2020), bu ugurda iň görnükli telekeçileri birleşdirýän ýokary tehnologiýalary bolan emeli intellekt, döwlet wekilleri we korporasiýanyň we maýa goýum fondunyň ýolbaşçylary taglymatlaryny we ösüş meýilnamalaryny paýlaşmak, geljek ýyla strategiki hyzmatdaşlygy baglaşmak üçin ýygnanyşýarlar. 2021-nji ýylda Dawosda EmTech we Maliýe konferensiýasy geçiriler. Esasy üns maliýe senagatynda ösýän tehnologiýalara, olaryň dünýä ykdysadyýetine edýän täsirine  gönükdiriler.

Investment Club

Maýa goýum
kluby

Şweýsariýanyň kanunçylygyna laýyklykda QL Strategiýasy maýadarlary goraýan, maýa goýujylaryň serişdeleriň çeşmesini barlaýan we bikanun ýol bilen alnan girdejileriň garşysyna durýan öz-özüni dolandyrýan gurama hökmünde hasaba alyndy. Maýa goýum öýi (kluby) barada has giňişleýin maglumat ýakyn arada elýeterli bolar. Siz Kklubyň agzasy bolmak isleseňiz bize habar beriň, bizem siziň bilen habarlaşarys. Hawa, elýeterli bolansoň bize maglumat ibermegiňizi haýyş edýäris.

Time slots (please give us 3 date/time options for a call):

By filling out this form you accept our privacy policy.

Contact details:

By filling out this form you accept our privacy policy.